Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin. Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men? Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen? Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?
Выбор основного перевода