Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Efeslilere haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin». Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýymyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar, siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde faraonyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. Reb Müsüre, faraona we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi. Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi. Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar. Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“».
Efeslilere haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода