Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Efeslilere haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär. Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi. Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi. Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin. Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy. Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy. Diýmek, Hudaý günäleri bagyşlan bolsa, mundan buýana günä gurbanlyk hödürlemegiň geregi ýok.
Efeslilere haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода