Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi. Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“». Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler.
Выбор основного перевода