Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin. Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer. Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim. Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi. Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy. Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir. Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.
Выбор основного перевода