Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi. Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.
Выбор основного перевода