Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy: Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr, onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary; sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy; hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi; yşyk üçin çyradan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja; Mukaddes çadyryň we haýadyň gazyklary, olaryň zynjyrlary; Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».
Выбор основного перевода