Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi. Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy. Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy. Biz onuň taýyndygyny bilýäris, sebäbi Sabat güni hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde: «Hudaý ýedinji gün ähli işini tamamlap dynç aldy» diýip ýazylandyr.
Выбор основного перевода