Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun. Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“». Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.
Выбор основного перевода