Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi. Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar. Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular. Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi. Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.
Выбор основного перевода