Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder». Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme. Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler. onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn. Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler.
Выбор основного перевода