Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy. Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy. Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi. Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum.
Выбор основного перевода