Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi. Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady. Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda, Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy. Ol ýere seredýär, ol hem titreýär, daglara elin degirýär – olar tüteýär. Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy. Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy, Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.
Выбор основного перевода