Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy. Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde, Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi! Olaryň bary Hudaý tarapyndan berlen şol bir suwdan içdiler. Çünki olaryň bary bir ruhy gözbaşdan, özlerine hemralyk eden Ruhy Gaýadan içdiler. Bu Gaýa Mesihiň hut Özüdi.
Выбор основного перевода