Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady. Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy. Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady. Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi. Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi. Biziň ata-babalarymyz çölde manna iýdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu barada: „Olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylan» diýdiler. Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler.
Выбор основного перевода