Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy. Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi. Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler. Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“». Üstesine-de, olara gündizlerine bulut sütüni bilen ugur görkezip, gijelerine ot sütüni bilen ýöremeli ýollaryny ýagtyltdyň. Olar hatda özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ine, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň. Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen, bütin gije – oduň ýagtysy bilen. Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy. Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler.
Выбор основного перевода