Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun; onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin; onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy. Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben. Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy. Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar hem-de kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary. Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul. Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron. Zebulunyň ogullary: Sarat, Eýlon, Ýahleýel. Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy. Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli. Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkyýel. (Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Ýakubyň Zilpa gyrnagyndan bolan nesliniň sany jemi on altydyr.) Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin. Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşany we Efraýymy dogrup berdi. Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art. (Bular Ýakubyň Rahelden bolan neslidir. Olar jemi on dörtdür.) Danyň ogly: Huşym. Naftalynyň ogullary: Ýahseýel, Guny, Ýezer, Şillem. (Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.) Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy. Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
Выбор основного перевода