Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin. Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn. Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin. Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn. Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda. Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.
Выбор основного перевода