Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler. Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz». Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar. Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar. Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda. Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr. Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler. Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».
Выбор основного перевода