Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän. Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň. Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir. Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler. Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony. Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. „Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir?
Выбор основного перевода