Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş! Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin. Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys. Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär. Sag-salamatlyga garaşdyk, emma hiç gowulyk ýok. Şypa pursadyna garaşdyk, emma oňa derek howp abandy. Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.
Выбор основного перевода