Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl. Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi. Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler. Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler. Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar. Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar». Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar. «Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen. Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler. «Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber. «Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny ildeşleriňe aýt. Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar. Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar. Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder. Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn. Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň. Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň. Eý, Aşur şasy, baştutanlaryň gözleri ýumlandyr. Tanymal adamlaryň uka gidendir, halkyň daglara dagady, olary bir ýere jemläre hiç kim ýok. Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?! Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar. Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.
Выбор основного перевода