Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr». Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar. Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi.
Выбор основного перевода