Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar. Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar. Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi. Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok. Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!» Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur. Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».
Выбор основного перевода