Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr. Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz». Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk. Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler. Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler. Çünki tutuş ysraýyl halky hut şeýle halas ediler. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Men Ýakup nesliniň günälerini bagyşlanymda, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Siondan Halasgär geler, Ol Ýakup neslinden hudaýsyzlygy aýrar».
Выбор основного перевода