Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn. Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder. Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn. Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar. Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.
Выбор основного перевода