Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi. Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym. Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady. „Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme. Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler. Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr. Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr. Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.
Выбор основного перевода