Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy. Ýöne rehim-şepagat edip, olaryň günäsini Ol bagyşlady, olary heläk etmedi, gaharyny köp gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady. Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň. Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“». Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr. Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».
Выбор основного перевода