Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir. Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez. Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler. Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek. Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger. «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär. Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.
Выбор основного перевода