Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler. Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler. Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler. Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň: Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.
Выбор основного перевода