Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy. Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar. Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr. Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi. Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn. Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.
Выбор основного перевода