Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli! Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, budunyň siňirleri örüm-örümdir. Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar. Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar. Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär. Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.
Выбор основного перевода