Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular. Nilde suw galmaz, derýa çekiler, gurar. Onuň ýaplary porsar, takyrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär. Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler. Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy. Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy, gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
Выбор основного перевода