Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz. Babyl halky arslan deý arlar, arslan çagasy kimin hyňranar. Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr. Olary guzy, goç, geçi kimin soýulmaga ibererin. Wah! Şeşak basylyp alyndy! Wah! Bütin dünýäniň şöhraty ele salyndy! Babyl milletler arasynda howpa öwrüldi! Babyly deňiz basdy; äpet tolkunlar ony büredi. Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.
Выбор основного перевода