Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady. Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady. Remalýanyň ogly Pekanyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ýotamyň ogly Ahaz Ýahuda patyşa boldy. Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi. Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi. Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi. Şol wagt Siriýa patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler. Şol döwürde Siriýa patyşasy Resin Eýlaty aram halkyna gaýtaryp berdi we ýahudalary Eýlatdan kowup çykardy. Edomlylar Eýlata geldiler we olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi. Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi. Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi. Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi. Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy. Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy. Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň». Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi. Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy. Ahaz Sabat güni üçin ulanylýan Rebbiň öýündäki gurlan bassyrmany we patyşa üçin niýetlenen daşky girelgäni aýyrdy. Ol muny Aşur patyşasynyň göwnünden turmak üçin şeýle etdi. Ahazyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy. Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri. Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy. Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi. Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň: „Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme. Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady. Olar: 'Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň' diýdiler. Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: 'Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol. Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp. Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla'“». Reb ýene-de Ahaza: «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi. Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.
Выбор основного перевода