Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär. Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin. Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok, günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin. Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin. Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer. Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim. her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.
Выбор основного перевода