Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin. Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi. içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka, Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär. Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa, Ol bize ýer ýüzündäki haýwanlardan köp öwredýär, bizi gökdäki guşlardan akylly edýär“ diýmeýär. Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim? Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr. Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar. Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi. Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär. Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.
Выбор основного перевода