Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň». Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň. Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar. Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär. Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar. Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň. Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr. Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr. Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.
Выбор основного перевода