Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gözleriň meni şu pursat görýär, ýöne mundan beýläk meni görmersiň, gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň. Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň». Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar, başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar, däne başlary kimin kesilýärler. Çünki ölende ýany bilen hiç zat äkitmez, şöhraty onuň yzyna düşmez. Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.
Выбор основного перевода