Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim? Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin. Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede? Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi? Ýyldyrymyň nireden gelýänini, gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi? Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim. suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly, Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».
Выбор основного перевода