Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi? Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim! Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi? Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl. Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin. parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp, Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
Выбор основного перевода