Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýöreýän ýollarymy görüp, her ädimimi yzarlaýar. Ýabany öküz saňa hyzmat etmäge razy bolarmyka? Gijäni seniň ahyryňyň başynda geçirermikä? Eý, Hudaý, Sen bizi synap barladyň, kümşüň arassalanyşy dek bizi sapladyň. Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň! Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň. Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň. Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň. Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn, ebedilik ýoluna meni ugrukdyr. Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler. bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.
Выбор основного перевода