Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi. Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň. olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar. Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme. Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar. Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy.
Выбор основного перевода