Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi. Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi. Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, Olar Saňa garşy günä etseler – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim! Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler? Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse, onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!» Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri. «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler? Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok. Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.
Выбор основного перевода