Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki biz düýnkilerdiris, bilýän zadymyz ýokdur, ýerdäki ömrümiz kölege kimindir. Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, on iki synam çöpe döndi. Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly. Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar. Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär, Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin, olar meni çekirtge deý kakýarlar. Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler? «Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir. Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr. Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider. Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,
Выбор основного перевода