Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler. Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hökümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň. Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. «Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy». Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä – şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!» Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy. Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler.
Выбор основного перевода