Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler. „Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler! Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar. Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber. Bardyr Seniň kuwwatly goluň, Seniň eliň güýçli, goluň belentdir.
Выбор основного перевода