Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň». Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy? Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň. Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär. Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň. Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi jan-tenden söýüň.
Выбор основного перевода