Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin. ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün. Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr. Emma ganhor ilki gaçyp baran gaçybatalga galasynyň çäginden daşa çyksa we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir. Çünki ganhor baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga galasynyň daşyna çykmaly däldir. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öz öýüne gaýdyp biler. Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun. Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma diňe bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir. Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir. Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň. Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar. Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».
Выбор основного перевода