Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşa edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr. Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär. Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy. Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler.
Выбор основного перевода